Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewürlik wekilleri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi we ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki puda...
Aşgabatda türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylýar
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisiniň we iki ýurduň işewürler forumynyň açylyşy geçirildi.
Çärelere gatnaşmak üçin Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygynda 300-den gowrak döwlet edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň we banklaryň, şeýle hem 170-e golaý kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri Aşgabada geldiler.
6-njy marta çenli dowam etjek giňişleýin sergide ykdysadyýetiň dürl...
Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmaklyk esasy mesele bolup durýan agrosenagat toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sebitdäki ähli döwletleriň bähbitlerini suw dolandyryş meselel...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi.
Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ugurda, türkmen tarapynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere gara...
Aşgabatda Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji martynda türkmen paýtagtynda Ýewropadak Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň iň möhüm temalary boýunça pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmek, suw baýlyklaryny zenanlaryň bu işlere gatnaşdyrylmagy maksady bilen howanyň üýtgemegi meselelerine aýratyn üns berildi.
Ý...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplary barada pikir alyşdylar.
Taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini ýola goýmak arkaly parlamentara gatnaşyk...
Prospects for cooperation with the OSCE were discussed
On March 5, 2024, a meeting was held between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov and the Secretary General of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) Helga Schmid.
During the meeting, the parties discussed the current state and further prospects for the development of cooperation between Turkmenistan and the OSCE in the political and economic spheres, as well as in issues of environmental security and humanitarian interaction.
The sides not...
Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet...
Meeting with the Afghan delegation at the Turkmen MFA
On March 5, 2024, a meeting was held between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov and the delegation that arrived in Turkmenistan, headed by the acting Minister of Industry and Commerce of Afghanistan Alhaj Nuruddin Azizi.
During the negotiations, a wide range of issues related to the expansion of bilateral trade and economic relations were discussed.
In particular, a detailed review of the results of the visit of the Afghan delegation to Turkmenistan took place,...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ÝHHG ýaly iri hal...