Tapylan netije sany: 5106
Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy: Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnama biziň meýilnamalarymyzyň ählisiniň binýadydyr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler minstri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan soň TDH-nyň habarçysyna interwýu berdi:
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen söhbetdeşligiň barşynda men Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň mähirli salamyny, Türkmenist...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassy...
Türkmenistanyň Prezidenti: Kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiý...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Panamadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikler esasynda satyn alan reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýaly harytlarynyň umumy bah...
Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete kompaniýanyň wise-prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Datuk Mohd Anuar Bin Taib ýolbaşçylyk edýär. Ol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Açyk gapylar» syýasatyny alyp baryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekm...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GH WE GÝJHF-NYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperw...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary we Aşgabat şäherini 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere garaldy....
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/27947TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...
TÜRKMENISTANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE ÝOKARY DEREJEDE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kons...