Tapylan netije sany: 5110
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.
Baýramçylyk çäresi Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sergä aýlanyp görmek, şeýle hem dabara gatnaşýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bilen başlandy.
Maslahatyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata...
Türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pi...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...
Çehiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Lýubomir Frebort bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.
M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýaziniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ministr Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlamagy bilen gutlady we minnetdarlyk bildirdi hem-de geljekde üstünlikli, netijeli işleri arzuw etdi.
Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen- yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew, yrak tarapyna Yragyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňe...
Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Tükmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Çäre Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (DGÝG) edarasynda geçirilip, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini ýygnady. Duşuşyk resmi surata düşmek dabarasy we gutlag sözleri bilen başlandy, soň tematiki bölü...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/133330Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow başlyklyk etdi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de u...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasanam söwda we ykdysady ugurda hyzmat...
Belgiýanyň DIM-nde Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan wekiliýetiniň Brýussele amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. BMG we ÝHHG ýaly halkara we sebit gurama...