Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara meýdançalarynda alnyp barylýan konstruktiw özara gatnaşyklary nazara almak...
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman meseleleri telefon arkaly ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleuwy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde esasy şertleriň biri ýokary derejede dostlukly dialogyň bolup durýandy...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine laýyklykda, mejl...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrini kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow goňşy döwletiň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Be...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Iri halkara guramany...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Myhman...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Filippinler Respublikasyna sapary
2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Manila şäherinde Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna – Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-yň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa...
Türkmenistnyň EYR-daky Baş konsuly Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň orunbasary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistnyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly bilen Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň Ykdysady işler boýunça orunbasary Hasan Nurizadeh arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça barha ösýändigini bellediler. Şeýle hem taraplar sebitara hyzmatdaşyk babatda belläp, Mary welaýaty bilen Horasan Rezawi welaýatynyň arasynda gatnaşyklaryň ösüşi hem-...
Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy.
Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bile...