Tapylan netije sany: 5110
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitg...
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliýeti maýyplaryň hukuklaryny goramak ugrundaky milli ulgam we kanunçylyk, şeýle hem ýurtda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny durmuşa ge...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi.
Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaş...
Owganystanyň gatnaşmagyndaky ykdysady taslamalar amaly häsiýete eýe bolýar
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura ugurlaryndaky halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe dabaralar geçirildi.
Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşygy hakynda
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşygy geçirildi.
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky...
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilm...
Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi.
Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryny...
Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Rožanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur b...
Türkmenistanyň DIM-nde Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasa...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Roža bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatyny gowşurdy.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.
Il...