Tapylan netije sany: 5110
Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen duşuşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, ony Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we şanly sene mynasybetli guralýan dabara...
Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «СLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň (GFR) başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk geçirdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy ar...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG) Başlyklyk edýän Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri, Ýan Borguň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-nyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistany...
Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrliklerin...
Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Marko Juriç bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmäge ýurtlaryň özara ygrarlydygyny beýan etdiler. Türkmenistan bilen Serbiýanyň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Taraplar söw...
Türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini bellediler we özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady bileleşme, sanlyl...
«C5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda bu formatyň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijeliligini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurl...
Kipr Respublikasy, Yrak Respublikasy we Hindistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Günüň birinji ýarymynda Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler.
Söhbetdeşler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky dialogy berkitmegi öz içine almak bilen syýa...
Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşykda parahatçylygy gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işine gatnaşýan Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Baş sekretaryň syýasy we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça orunbasary Rozmari A. Dikarlo bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi bellenildi.
Taraplar häzirki zaman sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnaz...
Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kamboja Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Sok Çenda Sofeanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzüm...