Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi...
Yslamabat şäherinde Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklary geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ug...
Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky13-nji mejlisi geçirildi.
Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary T.Atahallyýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda Dushanbede geçirilen hökümetara top...
Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti Grigoriý Iwliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Senagat nusgalaryny goramak boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşandygy we sapar bilen gelendigi üçin G.Iwliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝPG...
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Gyrgyz Respublikasyn...
Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi
2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
16-njy oktýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijil...
TÜRKMEN-EÝRAN DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ORNY
2024-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan neşir edilýän "Ýaş diplomatyň sesi" atly elektron gazetiniň №26 (109) sanynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsullygynda önümçilik tejribeligini geçýän HGI-niň 5-nji ýyl talyplary Y.Tamyradowyň we G.Serdarowyň "TÜRKMEN-EÝRAN DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ORNY" atly makalasy çap edildi.
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/138528Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsuly BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) Maşat şäherindäki wekilhanasynyň täze başlygy bilen duşuşyk geçirdi
24.10.2024 senede Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdürliginiň (UNHCR) Maşat şäherindäki wekilhanasynyň başlygy wezipesine täze bellenen Dhananjaya Bhattarainiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depgini barada we hususanda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdürligi (UNHCR) bilen hyzmat...
2024-2029-njy ýyllar üçin IAEA-nyň Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň mejlisi
2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-2029-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyn...
Ermenistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ý...