Tapylan netije sany: 5110
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi.
Resminamanyň teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz: https://documents.un.org/doc/undoc/gen/n24/306...
Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. Resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin çäreler toplumy işlenip düzüldi we tassyklanyldy.
2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensi...
Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Lihtenşteýniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweseriň arasynda gepleşikler geçi...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýt Döwletine iş saparyny amala aşyrdy
2024-nji ýylyň 4-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek – Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry» atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptarapl...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça bäş ýylly...
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmen...
BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi bilen Aşgabatda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky (UNHCR) uzak möhletleýin gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.
Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky BMG-niň esasy hukuk resminamalarynyň gatnaş...
Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär
Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we beýleki halkara düzümleri bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin degişli çäreleri amala aşyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli kanunçylygy BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan ýurtda...
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler.
Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň ü...
Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak» boýunça ministrler derejesindäki maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak» boýunça ministrler derejesindäki maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan maslahata Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň, şeýle-de BMG-niň agentlikleriniň we halkara guram...