Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Takesi Iwaýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary syýasy derejede ynanyşykly gatnaşyklara esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda,...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň güwänamasyny gowşurdy.
Hanym R.Menikdiwela pursatdan...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we...
Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy.
Iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastru...
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbe...
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Taraplaryň özara pikirine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde alny...
Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurýew Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýa bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardam...
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
Çärä Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanyn...
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplaryna garaldy.
BMG-niň Ba...