Tapylan netije sany: 5110
ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy Bakyt Žusupowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň sebit dialogyny berkitmekdäki, howpsuzlygy, pugta we durnukly parahatçylygy...
Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi.
Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlyg...
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň 28-nji ýörite mejlisine gatnaşdy.
Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama ýolbaşçylyk edýän türkmen tarapy synçy hökmünde gatnaşmaga çagyryldy.
Mejlisiň dowamynda Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş sekretary çyk...
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan bo...
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ge...
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirilýär
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar.
Şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk...
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitara...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...
Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) BMG-niň Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi.
Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklip 2012-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...
Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ermenistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary mun...