Tapylan netije sany: 5110
Özbegistanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşl...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.
Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary...
Türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagy hakynda
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuş...
Gresiýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) hanym Ýekaterini Ksagorari bilen duşuşdy.
Ilçi Ýekaterini Ksagorari ynanç hatylarynyň nusgalaryny türkmen tarapyna gowşurdy we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-yns...
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüz...
Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gepleşikleri geçirdiler
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.
Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edarala...
Mejlisiň Başlygy Gresiýanyň Türkmenistandaky Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işind...
Oman Soltanlygynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Oman Soltanlygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy we bu wezipä bellenilmegi bilen bagly gutlaglar üçin sagbolsun aýtdy.
Soňra diplomatlar türkmen-oman gatnaşyklarynyň häz...
Brýusselde Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Brýusselde Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşky gurşawy goramak, Bilim, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri girdi....
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/140273Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Saud Arabystanynyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, öza...