Tapylan netije sany: 5110
Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen BMG-niň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatynda hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri barada brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň wekilleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaş...
Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymlaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine amala aşyrylýan gulluk
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdu...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent merte...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuh...
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ynsanperwer meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatd...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyj...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirl...
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Goranmak minis...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi.
Mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiý...