Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran sapary barada
2025-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna sapary amala aşyryldy.
Saparyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal Daşary işler departamentiniň Döwlet sekretariatynyň Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysy Mýuriel Peneweýre bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy- diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny...
Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça myhmanlar Aşgabat şäherine geldiler.
Maslahata Hökümet agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň w...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ak mermerli Aşgabada gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Gahryma...
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de «Botaş» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy.
Myhmanlar duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkiýe Respublikasy...
Встреча Президента Туркменистана с министром энергетики и природных ресурсов Турецкой Республики
19 марта 2025 года Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов принял министра энергетики и природных ресурсов Турецкой Республики Алпарслана Байрактара, прибывшего в Туркменистан для участия в Международной конференции «Международный год мира и доверия: роль межрегионального экономического сотрудничества в обеспечении устойчивого развития».
Выразив признательность за встречу, Алпарслан Байрактар передал главе государства сердечные приветствия от Президента Турецкой Республики Реджепа Тайип...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly döwletiň Baştutany mähirl...
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.
Türkmenistanyň GECF-e goşulmagy...
Aşgabatda ABŞ-nyň Ilçisi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 20-nji martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.
Duşuşykda O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Ho...
BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi
2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňiş...