Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sul...
Horwatiýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Hrwoýe Swetanowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa Horwatiýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.
Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.
Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana G...
Aşgabatda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan “ÝHHG – Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen ählumumy howpsuzlyk boýunça borçnamalaryň 50 ýyllygy” atly forum geçirildi. Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy.
Foruma ýu...
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi, öz gezeginde, h...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyтyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.
Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Soňra Türkm...
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.
Ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri birleşdirýän...
Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen kiberhowpsuzlyk boýunça duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşyşyga gatnaşan hünärmenler iki ýurduň arasynda kiberhowpsuzlyk we sanly ulgam ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda katar tarapy ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de terjribe okuwlaryna türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini...
Presentation of credentials of the Ambassador of Turkmenistan to the President of Mongolia
On April 21, 2025, the ceremony of presenting credentials of the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of Turkmenistan to Mongolia P.Durdyev (with residence in Beijing) to the President of Mongolia Ukhnaa Khurelsukh was held at the Government House of Mongolia in Ulaanbaatar.
During the ceremony, Ambassador P.Durdyev conveyed warm greetings and best wishes on behalf of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Hal...
Türkmenistanyň Ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) O.Çaryýewiň Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Ilçi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasyna we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...