Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tähran dialog forumyna – 2025 gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi.
Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
“Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş etmek bi...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 19-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdür...
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwlet...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Ministr dostlukly döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny...
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, sport ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bi...
Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler.
Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasy...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň işine Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-gözleg merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdyl...
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlar...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi.
Duşuşy...
Türkmenistanyň DIM-de HPG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça gatnaş...