Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Asylly...
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlise Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministri Mahkamow Ilhom Rustamowiç, Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk ministri Abdul Alim Han, Halkara awtomobil ulaglary bir...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimu...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.
Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglyl...
Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Şazada Alber II-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlar...
Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan we netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Şunda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokar...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler Ministri Seýed Abbas Arakçiniň Türkmenistana sapary boldy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada piki...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi.
Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäkleri...
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji umumy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2026-2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy.
ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň ykdysady we durmuş işini utgaşdyrmaga jogapkär esasy düzümleriň biri bolup durýar. ECOSOC durnukly ösüşiň üç ölçegini – ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynd...
Türkmenistan hem-de Hytaýyň Gansu welaýaty hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Leý Syweýiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça depginli ösýändigini nygtadylar.
Söhbetdeşler dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýaky...