Tapylan netije sany: 5110
На биржевой сессии лидировали нефтепродукты и текстиль
На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана зарегистрирована 21 сделка.
За иностранную валюту предприниматели из России, Объединённых Арабских Эмиратов, Гонконга, Узбекистана и др. закупили полипропилен, произведённый на Туркменбашинском комплексе нефтеперерабатывающих заводов. Помимо этого, за иностранную валюту были реализованы ткань джинсовая, вата хозяйственная и мебельная, пряжа хлопчатобумажная, линт хлопковый. Страны-покупатели: РФ, ОАЭ, Турция, Эс...
Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklore-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy....
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy.
Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy.
Iki çempionyň arasynd...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işl...
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy.
Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýal...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG-HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Preziden...
TÜRKMENISTANDA ISPANIÝANYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm...
YSLAMABATDA TÜRKMEN-PAKISTAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary boldy.
Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenilip geçildi. Pakistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan d...
ASTANADA YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-GAZAK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Astana şäherinde Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň g...
AŞGABATDA TÜRKMEN-KOREÝ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we köptaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp geçdiler. Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini aýdyp...