Tapylan netije sany: 5110
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara al...
Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaz» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Lesotanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Lesoto Patyşalygynyň arasyndaky h...
Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge meýilli
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarda ünsi jemläp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary we iň ýokary derejelerdäk...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň arasynda gepleşikler
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigini belläp, mähirli myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda t...
Türkmenistan bilen Butan Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we olaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar syýasy-diplomatik ugurda hyzm...
Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň...
Türkmenistan we Estoniýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha ber...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşygy hakynda
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä Eswatini Patyşalygynyň ýo...
Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwle...
Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri gepleşikler geçirdiler
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýurdumyzda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu masl...