Tapylan netije sany: 5110
DÇBÖBD-niň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýoka...
Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Fatu Haýdaranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşdylar. Senagatlaşma we akylly şäher ösüşi pudagyndaky “ýaşyl çemeleşme” babatynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duş...
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasy bitaraplyk syýasatynyň netijeli häsiýetini belleýärler
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Döwlet sekretary Jozef Şellhornyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, hususan-da syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bit...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga ça...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoş...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenis...
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.
Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri...
Durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalar
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.
Giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri bo...
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC3) umumy mejlisiniň açylyş dabarasyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingi meşhur Al-Arabiya teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Han alyp bardy.
Brifingde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdiler. Şeýle hem brifinge BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňz...