Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň DIM-nde Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy...
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda sammitiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin...
Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri bilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işle...
Türkmenistan bilen Çad Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklere garaldy
2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - delegaty Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Çad Respublikasynyň wekiliýetine BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Taraplar bu çär...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň ýakynd...
Koreýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini...
«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza»milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi.
Irden, 12-nji awgustda Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň alyp barmagynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy dabarasy geçirildi.
Maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenm...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwletara gatnaşyklaryň geljekki ösüşinde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we k...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hö...
Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda...