Tapylan netije sany: 5110
Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy bilen gutlap, Siziň iberen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Gadymy Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de türkmen halkyna baýramçylyk gutlaglarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.
Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri a...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar.
Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
AŞGABATDA TÜRKMEN-ESTON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-eston syýasy geňeşmeleri geçirildi. Eston Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň baş direktory Lembit Uibo ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we türkmen-eston gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky şe...
YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy.
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary hanym Abe Toşikonyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikler...
PALESTINA DÖWLETINDE DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy martynda Ramalla şäherinde Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Palestina tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamia ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-palestina gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler we syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň yzygiderliligini belläp geçdiler. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn...
MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA SEBITINIŇ ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATLY TOPARYNYŇ (RECA) MASLAHATY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite maksatly toparynyň (RECA) 15-nji maslahaty öz işine başlady. Bu iki günlük maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň ýardam bermeginde gurnaldy.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaý...