Tapylan netije sany: 5110
KHBS üçin maglumat
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabry
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çäräniň açylyş bölegine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti M.Pezeşkian gatnaşdy. Şeýle hem 4-nji duşuşygyň işine YHG-nyň Baş sekretary hem-de bu Guramanyň agza ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri, olaryň orunbasarlary...
Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Litwa Respublikasyna amaala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskasyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdyl...
Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Serbiýa tarapyna Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň...
Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerind...
Türkmen wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry – 13-nji noýabry aralygynda Samarkant şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisine Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Maslahatyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky...
Maýn boýundaky Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi.
Çäräniň maksady Türkmenistan bilen Germaniýanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekden, şeýle hem gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekden ybarat boldy.
Iki günlük foruma Germaniýanyň 50-den gowrak öňdebaryjy k...
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.
Ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhü...
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
«Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belle...
Türkmenistanyň DIM-de Owganystanyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ministriň orunbasary Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýer titremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini bildirdi.
A.Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul...