Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen ugrady
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa g...
Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň a...
«C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekil...
Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol CARIСC...
Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň...
Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamasynyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi üstünlikli geçirildi.
Mejlis BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
Mejlide türkmen tarapyna Türkmen...
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.
Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň...
Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdi.
Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we...
Türkmenistan we BMG häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
7-nji noýabr 2025-njy ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Myahri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar UNODC-niň Merkezi Aziýa döwletleri üçin 202...