Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara gatnaşyklaryň durnukly depginini we netijeli häsiýetini bellediler.
Söhbetdeşler halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagyň...
Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy giňelt...
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsulynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barad...
Pariž şäherinde “Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler” atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy.
Maslahatyň geçirilmegi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Py...
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Reşt şäherinde Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyryldy. Saparyň maksady Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşmakdan ybarat boldy.
Çära Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, Hazarýaka döwletleriniň sebitleriniň häkimleri, hormatly myhmanlar, diplomatik korpusyň wekilleri hem-de...
Türkmenistanyň DIM-de konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň ikinji tapgyry geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy D.Muratow, gruzin wekiliýetine bolsa, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça halkara hukugy müdirliginiň direktory G.Tabatadze ýolbaşçylyk etd...
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bekiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi belle...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän...
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistan...