Tapylan netije sany: 5110
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan Rona atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar.
Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.
Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ähli...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda, 2025-nji ýylda kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynda bellenilen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny ha...
Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geç...
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary we iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň hem-de wekilleriniň arasynda...
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda T...
Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ikitaraplaýyn saparlaryň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň gurnamagyň zerurdygyny belledile...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar.
Sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 m...
Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, h...
Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edara...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026-daky ÇYKYŞY
(Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly)
Hormatly Sammite gatnaşyjylar,
Hanymlar we jenaplar,
Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Dünýä geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi diňe bir ýüze çykýan wehimler...