Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň b...
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy....
Türkmen wekiliýeti Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy.
Foruma söwda, ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet işgärleri we işewür wekilleri ýygnandylar.
Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň B5+1 formatynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gyzyklanma b...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň o...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly GUTLAGY
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Sözümiň başynda, men Siziň hemmäňize özümiň mähirli salamlarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Azerbaýjan Respublikasynyň Hormatly Prezidenti, gadyrly doganym Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň Hormatly Premýer-ministri Nikol Paşinýany «Adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň» gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu günki dabara özara düşünişmek we ynanyşmak, döwletara dialogy berkitmek hem-de parahatçylyk we durnukl...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýa...
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş di...
Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary...
Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryna aýratyn üns berdi.
Ilki bilen, dip...
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Diplomatlar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşy...