Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatda...
Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, köp sanly adam pidalarynyň we şikesleriň döremegine getiren pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abad...
KHBS üçin maglumat
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendi...
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji 29-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Pre...
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly jemgyýetçilik-syýasy çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaradan öň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady...
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Egor Zaýsewiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş müm...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mäh...