Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Ilçi M.Maşalowyň Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...
Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal Daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy.
«Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plena...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýanyň Ilçisi bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Tomas Şteliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň netijeli...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, şeýle hem öňde duran duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns bermek bilen ikitaraplaýyn gün tertibi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Köp...
Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyşy geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BSGG-niň guramagynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi. Forum köpçülikleýin howpsuzlyk we saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşi meselelerinde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin bitewi platformany döretmegi maksat edinýär.
Çärede Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-na sapary başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.
Belli bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýe...
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.
Hans Klýuge duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindü...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi. Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga hem-de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata d...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/157953Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Rolliansýah Soemiratyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy...
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝB-niň institutlarynyň wekilleri,...