Tapylan netije sany: 5106
BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BSGG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA giňişliginde amala aşyrylýan saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça okuw maslahatynyň şeýle görnüşdäk...
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Indoneziýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuham...
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi.
Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy.
16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsy...
«Kompozitor» atly film Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy
?Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Kino eserleriniň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Onuň işi kino pudagynyň hünärmenleri, tankytçylary we halkara medeni jemgyýetçiligi t...
Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlenen Meýilnama boýunça umumy maglumat berildi. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumy...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň (IUK) 88-nji mejlisi öz işine başlady. Bu komitet ulag we ulag syýasatynyň ösdürilmegi boýunça esasy halkara meýdançalarynyň biridir.
Içerki ulag boýunça komitetiň häzirki 88-nji mejlisi döwletleriň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, degişli düzümleriň wekillerini, ulag işewürliginiň we bilermenler jemgyýetçiliginiň agzalaryny birleşdirýär....
Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady
2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde institutyň foýesinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykdaky atçylyk mo...
Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Jidda şäherindäki merkezi edarasynda ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bu abraýly halkara guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekil wezipesine resmi taýdan girişdi.
YHG-niň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha ynanç hatlaryny kabul edip, Türkmenistanyň yslam dünýäsindäki aýratyn ornuny nygtady. Onuň...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýol...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän orny barha pugtalandyrylýar, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Ri...