Tapylan netije sany: 5106
Diplomatik protokol boýunça gysgamöhletleýin okuw tamamlandy
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Okuwa ýurduň daşary syýasat edarasynda işleýän diplomatlar we hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk...
Türkmenistan we Azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrýarlar
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow hem-de Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow ýolbaşçylyk etdiler.
Maslahatyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini, şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahat...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini nygtadylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy.
Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn dialogy go...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär.
Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbede geçirilýän Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisine gatnaşmak üçin saparda bolýar.
Mejlis 2026-njy 3-nji martynda öz işine başlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň...
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özara hormat goýmaga, ynamyň berkidilmegine we ösüşiň milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagyna esaslanýan adam hukuklary boýunça konstruktiw dialogyň tarapdarydygy nygtaldy.
BMG bilen 2026–2030-njy ýyllar...
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.
Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hu...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/159847Türkmen atçylyk sungaty Bakuda uly üstünlik gazandy: «Galkynyş» toparynyň çykyşy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrdy
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Bakudaky “Bina” atçylyk-sport merkezinde Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” milli atçylyk toparynyň gatnaşmagynda täsirli medeni çäre geçirildi.
Bu meşhur toparyň çykyşy türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezmek bilen, dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrüldi.
2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk festiwalynda iň ýokary baýraga mynasyp bolan sungat topary öz maksatnamasyny ilkinji gezek azerbaýjan to...
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellem...