Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.
Ähli çylşyrymly halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly, halkara hukuk esasynda çözülmelidigi aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň ç...
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary yrakly diplomaty mähirli garşy alyp, Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Tür...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, şeýle hem Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ilçihanalarynyň goldaw bermeginde guraldy.
Dabara Türkmenist...
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, kiçi komitetiň başlygy Gurbanmyrat Myradalyýewiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, hytaý tarapyndan kiçi komitetiň başlygy Gao Çženiň başlyklyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky h...
«Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümle...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Peter wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Halka...
Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýr...
Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooýuň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Piter Wan Roýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň iş tejribesiniň Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar Tür...
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem sosial hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Gurama...
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygyň ynsanperwer gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy T...