Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi
Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde iberildi. Bu çäre Türkmenistanyň...
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi
Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki döwrebap «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri tarapyndan täsirli çykyşlar görkezildi.
Çykyş wagtynda türkmen artistleri tomaşaçylara milli atly oýunlaryň elementlerini, şeýle hem meşhur ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketleri we...
Türkmenistanyň DIM-de Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary, Ilçi Kaýrat Sarybaý bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmany mähirli garşylap, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkar...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2026-njy ýylyň 17-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda...
Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary gi...
BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarli bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda M.Safarli özüni BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili wezipesine bellenilendigi baradaky haty türkmen tarapyna gowşurdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Daşary işler...
Pekinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-iň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar iki ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky parasatly syýasat we şahsy ynanyşmaga daýanýan...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 18-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.
Daý Houlýan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagyň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasy üçin uly hormatdygyny belledi we şu gezekki saparyň hytaý-türkmen hyzmat...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen gepleşikleri
2026-njy ýylyň 18-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler g...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi.
Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, “Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň wekilleri mähirli garşyladylar.
Haly düşelen ýodajygyň ugrunda sazandalar topary hytaý saz gural...