Tapylan netije sany: 5106
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 20-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň halklaryny ýetip gelen Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
“Biziň halklarymyz bu nurana baýramy asyrlaryň dowamynda bilelikde belläp gelýärler. Ol halklarymyzy birleşdirip, taryhy kök...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýo...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý...
Türkmenistanyň DIM-inde Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kan...
Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, CEDAW Komitetiniň başlygynyň orunbasary Marianna Mikko, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçynyň diwanynyň, ýurduň degişli min...
Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrianyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatda...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplu...
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada geçirilen Sebitleýin sammitde ekologiýa boýunça başlangyçlary beýan etdi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşdy.
“EXPO” halkara sergiler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.
Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EX...
Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
“Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady.
Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Prezide...