Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlyk durnukly, netijeli we ekologi...
Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
Bangkok şäherinde dowam edýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti esasy mowzuklaýyn ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we häzirki döwrüň möhüm wehimlerine garşy göreşmek boýunça milli garaýyşlaryny beýan etdi.
Sessiýanyň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň biri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maks...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
2026-njy ýylyň 21-22-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy.
Saparyň maksady Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy....
Argentina Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Enrike Ignasio Ferrer Wiýeýranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Argentinanyň Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary onuň diplomatik işi...
Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa s.) Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünl...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy.
Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi.
Öz ge...
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdil...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Tü...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyý...
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň...