Tapylan netije sany: 5106
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şol sanda häzirki gün tertibinde duran birnäçe bileli...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Bu çäre dostlukly ýurtda bilim alýan ýaşlarymyzyň durmuşy we okuwy bilen gyzyklanmaga hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler barada gürrüň bermäge bagyşlandy.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuşynda bolup...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryn...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol karta...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we du...
Koreýa Respublikasynyň täze Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomat öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-d...
Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Yrak Respublika...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bil...
Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Türkmenistanda täze bellenen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işini amala aşyrmaga zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny beýan et...
Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan döwletiň daşary syýasy işine syn berildi
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Aşgabatdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýykl...