Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy öňde boljak mejlise aýratyn ähmiýet berýändigi...
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar
2026-njy ýylyň 26-njy martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi.
Ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemlän bu duşuşyk Prezident Serdar Berdimuha...
Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary
2026-njy ýylyň 26-njy martynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar.
Maslahatda gender deňligini pugtalandyrmak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy....
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forum...
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretarynyň orunbasary D.Trefilowyň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Bu resminama 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisi taýýarlamak boýunça guramaçylyk we mazmun taýda...
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler.
2026–2030-njy ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkme...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar...
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.
Dabarada, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen...
Türkmenistan bilen ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny< şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝUNICEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýu...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy, daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şer...