Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi.
Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Irden Söwda-senagat edarasynyň öň...
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pug...
Türkmenistanyň DIM-de Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen, Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Diplomatlar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdiri...
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny,...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň TÜRKSOÝ-nyň opera günlerine hem-de görnükli türkmen...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, ş...
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumy öz işine başlady. Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň ulgamy döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Ýurduň ykdysady durnuklylyg...
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär we onuň temasy – «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir.
Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň...
Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikita...