Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 7-nji maýy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Prezident Serdar Berdimu...
Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we daşary işler ministrli...
Президент Туркменистана принял участие в торжественной церемонии ввода в эксплуатацию нового сухогрузного судна
8 мая 2026 года в ходе рабочего визита в Балканский велаят уважаемый Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов принял участие в торжественной церемонии ввода в эксплуатацию нового сухогрузного судна «Gadamly».
Выступая на церемонии Президент Сердар Бердымухамедов сердечно поздравил всех участников торжества по случаю ввода в эксплуатацию нового сухогрузного судна «Gadamly» в Международном морском порту города Туркменбаши Балканского велаята.
Глава государства подчеркнул, что в целях ра...
Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 8-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.
Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/160860Parahatçylyk söýüjilik – Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady.
Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar.
Soňra “Halkara gatnaşy...
Aşgabat şäherinde «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, halkara hukugy ulgamynda meşhur daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ş...
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy.
Tan Şri Mohd Hassan Marikan duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýany...
Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku Halkara deňiz portunda dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi
Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi. Täze türkmen gämisiniň Azerbaýjana gelmegi doganlyk döwletleriň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygynyň hem-de Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýük daşamalarynyň ösdürilýändiginiň möhüm nyşany boldy.
Bu dabaraly çärä Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika düzümleriniň wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar umuman Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Türkmenistan bilen alnyp barylýan dialogyň häzirki derejesine baha berdiler.
Hanym Guedar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen taslamalary barada gürrüň berdi...