Tapylan netije sany: 5106
BAE-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde halkara guramalaryň we köptaraplaýyn meýdan...
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Baku şäherine iş sapary bilen geldi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa bilen Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy S.Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi barada pikir alyşdylar, zähmet hukuklaryny goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen...
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady.
Çäräniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleri...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Kazanyň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Malahatynyň Başlygy bilen Tatary...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ý...
Türkmenistanyň DIM-de Kipr Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmen-kipr hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýän pudagara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Halkara g...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary
2026-njy ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Forumda çykyş eden Mejlisi...
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaş...
Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada
2026-njy ýylyň 10-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy.
Çäre Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde ýerleşýän Kololo dabaralar meýdançasynda geçirildi.
Dabara tamamlanandan soňra türkmen wekiliýeti En...
Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri...