Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy.
21-nji maýda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Tawriçeskiý köşgünde...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Sergeý Lebedew bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köptaraply dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigin...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi.
Myhman Türkmenistana ýene-de gelmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan Döwlet Baştutanyna we türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi.
Aleksandr Turçin bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Belarus Respublikasynda Türkmenistana ygtybarly we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň döwlet Baştutanymy...
Turkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.
Gazagystanyň wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däl-de, eýsem hakyky doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bardygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi.
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Sadyr Žaparowdan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Myhman Gyrgyzystanda Türkmenistanyň s...
Turkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy geçirildi
2026-bjy ýylyň 22-nji maýynda Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Aşgabada amala aşyrýan her bir saparynda ýurdumyzda Turkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň oňyn neti...
Turkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.
Abdulla Aripowy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny belledi.
Özbegistanyň Premýer-mi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.
RF-iň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk...
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini...