Tapylan netije sany: 5110
На биржевой сессии лидировали продукция нефтехимии и текстиль
На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана зарегистрировано 57 сделок.
За иностранную валюту предприниматели из Турции, Казахстана, Афганистана и др. закупили гидроочищенное дизельное топливо, суммарный нефтяной кокс, произведённые на Туркменбашинском комплексе нефтеперерабатывающих заводов. Бизнесмены из Швейцарии и Афганистана приобрели тяжёлый вакуумный газойль, выработанный на Сейдинском НПЗ, и сжиженный газ (ГК «Туркменгаз»). Полиэтилен высокой плот...
AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADY
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady.
Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine, käbir guramaçylyk meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, häkim häzirki wagtda paýtagtymyz...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE ŞÄHERIŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde guruljak Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini şöhlelendirýän Türkmenistanyň milli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň görnetin mysaly bolup durýandyr.
Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we deputatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolb...
MOSKWADA «HAZAR – MÜMKINÇILIKLERIŇ DEŇZI» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» ady bilen Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Rus işewürleriniň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekillerini tegelek stoluň başyna jemlän maslahat şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň taýýarlygyna bagyşlandy.
Maslahatyň guramaçylary ykdysadyýet we innowasiýalar, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy gor...
AŞGHABATDA SUW MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi.
Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi.
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşma...
PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebit...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSUZ RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şöhrat Jumaýew Fransuz Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Pariž şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/32180Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Şeýle hem mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň r...
Aşgabatda «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi we halkara maslahat geçirildi
Iki günüň dowamynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarka geçirildi. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guraldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny — öz harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyran ýurdumyzyň we daşary döwletleriň telekeçilerini bir ýere ýygnady.
Her ýyl geçirilýän serginiň çäklerinde Watanymyzy has-da ösdürmek, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýok...