Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda tar...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen...
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maria Agrenden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşally...
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şuller-Gotsburgyň we Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň direktory Elizabet Waýsenbýökiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapy Elizabet Waýsenbýöki Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparyn...
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen häzirki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
2026-njy ýylyň 10–12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masuşita, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen duşuşyklar geçirildi....
Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň Bonn maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 8-16-njy iýuny aralygynda Bonn şäherinde (Germaniýa Federatiw Respublikasy) geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC SB64) kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine gatnaşýar.
Forumyň maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti howanyň üýtgemegi meseleleri babatynda ýurduň milli garaýyşlaryny öňe sürdi. Şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça BM...
Aşgabatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýlä...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbýögiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gaza...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ik...