Tapylan netije sany: 5110
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýarkun Faýzullaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arka...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA GUTLAG KITABY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bu ýurduň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Gutlag kitaby açyldy. Bu kitap Türkmenistanyň resmi adamlarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň adyndan gutlag sözlerini ýazmak üçin niýetlenendir.
Şu gün Gutlag kitabynda Türkmenistanyň resmi adamlary özleriniň ýadygärlik gutlag ýazgylaryny ýazdylar.
Gutlag kitaby Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...
UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/34182TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilme...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ABŞ-DEN GELEN BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA GEÇIRILEN STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady.
Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadak...
Weteranlaryň sarpalanmagy
Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylgy.
Köşgüň öňünde sungat eserleriniň — suratçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, bezegçileriň eserleriniň sergisi...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýada...
Sanly ykdysadyýet we noosfera ösüşi: Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze ugurlar
2-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri öňde goýdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ilkinji dört aýynyň görkezijileriniň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine şaýatlyk edýändigini belläp, şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçilikleri has-da giňeltmek we ýurdumyzyň...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/34341STAWROPOL ÜLKESINDE AKYLDAR ŞAHYRYMYZ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 295-ÝYLLYGY BELLENILDI
2019-njy ýylyň 4-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnenski etrabynyň Edelbay obasynda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
Bu çäre Stawropol şäheriniň, şeýle hem Stawropol ülkesiniň Ipatowski, Turkmenski, Arzgirski, Neftekumski we Blagodarnenski etraplarynyň hem-de Astrahan oblastynyň türkmen kowçumlarynyň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Şeýle hem dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Fed...