Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler.
Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan Ýaponiýa...
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady.
Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ministr...
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.
Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derej...
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara
Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!
Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk we abadançylyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Garaşsyz ýurdumyzda asylly däpleriň birine öwrülen, indi ençeme ýyllardan bäri guramaçylykly geçirilýän Halkara gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakd...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. German wekiliýetine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtybarly wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň, aýratyn hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de Ýewropa Bilele...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistanda n...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan...
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda onuň ýolbaşçylyk edýän «Bharatiýa janata parti» (BJP) partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli mähirli gutlagyny ýollady.
Milli Liderimiz gutlagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin geljekde hem berk...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ KAZAN ŞÄHERINE SAPARY
2019-njy ýylyň 27-28-nji maýy aralygynda ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde iş saparynda bolýar.
Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça Konsepsiýa kabul edildi. Şunuň bile...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gyrgyz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň birinji syýasy departamentiniň başlygy R.M.Biibosunow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamşadylar we türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaş...