Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.
12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.
Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.
12 awgustda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.
Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Türkmenistanyň Prezident...
«AWAZADA» TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.
12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy.
Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...
EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.
Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY
2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.
Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi:
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...
AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...
BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK MISSIÝASYNY TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.N.Şewalýow bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň başynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan W.N.Şewalýowa türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine goşan şahsy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary - Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellä...
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ ÇÖKGÜNLIGINIŇ WE DAŞKY GURŞAWYŇ ÝARAMAZLAŞMAGYNYŇ ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça tegelek stol öz işine başlady. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy.
Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň b...