Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI G.BERDIMUHAMEDOW BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI A.LUKAŞENKO BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident A.Lukaşenkonyň baştutanlygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde 11-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yns...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ BAŞ DIREKTORY TATÝANA WALOWAÝANYŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan onuň möhüm diplomatiki wezipa bellenilmegi mynasybetli hoşallyk we gutlag sözlerini aýtdy.
Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji s...
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasyn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WE DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda milli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatiki missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmaklarynda üstümizdäki ýylyň 10 we 11 oktýabrynda bolup geçen GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi.
Türkmenistanyň D...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN HHR-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi.
Hususan-da, taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Ýokary derejelerdäki duşuşyklary işjeňleşdirmek hakynda...
TÜRKMEN TEATRY HALKARA TEATR FESTIWALYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar.
Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaç...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi.
Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuk...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ITALIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilý...
AŞGABATDA ÝUNISEF-IŇ DÜNÝÄ ÇAGALARYNYŇ ÝAGDAÝY BARADAKY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy baradaky Hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2019-njy ýylda ol «Çagalar, iýmit we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş» şygary astynda jemgyýetçilige ýetirilendir.
Çärä ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň hünärmenleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kä...
TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERINE SEREDÝÄR
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.
Işewürler maslahatyna eýran wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalaryň wekilleri, şeýle-de söwda, derman senagaty, oba hojalyk we suw serişdeleri, inženerçilik hyzmatlary, energetika, ulag, logistika, syýahatçylyk,...