Tapylan netije sany: 5106
AŞGABATDA ENERGETIKA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞINE BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen bu forumy Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanal...
TÜRKMEN NEŞIRLERI – ABRAÝLY HALKARA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA
2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksad...
Awtomobil ýaryşlarynyň dünýä derejesindäki ussatlary Türkmenistana gelýärler
Şu gün paýtagtymyzyň howa menzilinde Pariž — Aşgabat ugry boýunça uly wekiliýet geldi. Olaryň düzüminde “Amul — Hazar 2018” awtorallini bilelikde guraýjy fransuz kompaniýasynyň wekilleri, hatarynda Beýik Britaniýadan, Çehiýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan meşhur sürüjiler bolan ýaryşa gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşlary beýan etjek žurnalistler — umuman, 117 adam bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan awtoulag ýaryşynyň täze taslamasy d...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ DABARALY ÝÖRÜŞINE BADALGA BERILER
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler.
Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler.
Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Energetika işgärleriniň gününe gabatlanan bu waka milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge...
Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi
Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.
Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň tälimçisi Kerim Allanurow 57 kilograma çenli agramlyk derejesinde öz toparyna ýokary derejeli baýragy getirdi. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Rahat Bäşimow (74 kilograma çenli agr...
В конце сентября в Ашхабаде откроется 55 заседание Генассамблеи Азиатско-Тихоокеанского вещательного союза
На состоявшемся 7 сентября заседании правительства вице-премьер, глава МИД Рашид Мередов проинформировал о подготовке к проведению в Ашхабаде 55-го заседания Генеральной Ассамблеи Азиатско-Тихоокеанского вещательного союза (ABU), намеченного на 30 сентября-5 октября.
Как известно, ABU был создан в 1964 году. На сегодняшний день его членами являются 279 телерадиокомпаний из 73 стран. В апреле 2012 года Государственный комитет Туркменистана по телевидению, радиовещанию и кинематографии был прин...
Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisiniň ýolbaşçysyny we çempionyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, sport awtomobilleri ýaryşynda dünýäniň iki gezek çempiony, ýolsuz ýerde geçirilýän awtoralli boýunça dünýä kubogynyň ençeme gezek eýesi, “Pariž — Dakar” we “Africa Eco Race” ralli-marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi.
Meşhur fransiýaly türgen wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu günler ýurd...
Türkmenistanyň Prezidenti “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy şanly waka — “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegi bilen gutlady. Russiýaly kompaniýanyň ýolbaşçysy dünýäniň awtomobil sportunyň taryhyna aýdyň sahypa bolup girjek bu ý...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlarynyň açylyş dabarasynda eden ÇYKYŞY
Hormatly adamlar!
Hormatly awtomobil sportunyň türgenleri!
Hanymlar we jenaplar!
Gadyrly “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşyjylar!
Ine, biz şu gün “Amul — Hazar 2018” ady bilen geçirilýän halkara derejesindäki sport baýramçylygyny geçirýäris. Türkmen topragynda guralýan ýaryşlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen türgenlere we beýleki myhmanlara “Hoş geldiňiz!” diýip ýüzlenýäris.
Men siz...