TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ulag pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Efiopiýa tarapy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başly...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňüsyrasynda Parlament forumy geçirildi. Çärä parlamentariler, BMG-niň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, ylmy toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyşy Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň LLDC-niň işleri boýunça Ýokary wekiliniň Kätipliginiň (OHRLLS), Parlamentara Bileleşiginiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň...
MAGATE-niň Baş direktorynyň orunbasary bilen gepleşikler
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktorynyň orunbasary Lýu Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen MAGATE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Hereket edýän maksatnamalara we taslamalara, hususan-da saglyk pudagynda MAGATE-niň hünärmen we tehniki mümkinç...
Türkmenistanyň we Somaliniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary hyzmatdaşlygy giňeltmek niýetini beýan etdiler
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Somali Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursalyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli...
Baş sekretaryň kömekçisi, BMGÖM-iň Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin Sebitleýin býurosynyň direktory bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistan bilen BMGÖM-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda durnukly ösüş, sanly öwrülişik, ykdysady durnuklylyk, inklýuziw ösüş we howanyň üýtgemegine uýgu...
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň B...
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy. Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Ra...