TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak tama gelenden soň, Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «C5+1» formatyndaky sammi...
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar. M...
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi. Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Myhmanlar Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysadyýetde g...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy. ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmag...
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildir...
Türkmenistan we BMG häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
7-nji noýabr 2025-njy ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Myahri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar UNODC-niň Merkezi Aziýa döwletleri üçin 202...
Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we...