RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Ýan

Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Aşgabatda SPECA hepdeliginiň çäginde Ykdysady forum öz işine başlady

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzüml...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýe...

DOWAMY
pic
21 Ýan

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorjyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkme-hindi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ýo...

DOWAMY
pic
21 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagda...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar BMG, ÝB we ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde...

DOWAMY
pic
16 Ýan

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler. Duşuşykda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paý...

DOWAMY